KitapOka | Seljuk türkmenleriniň taryhy 2
Haladym
0
ýükle
1
Kitabyň ady: Seljuk türkmenleriniň taryhy 2
Awtory:
Kitap barada: JOGAPKÄR REDAKTORLAR W.M. Hramow, A.R. Bekiýew, A.A. Aşyrow REDAKTOR R. Geldiýew, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Türkmen halkynyň medeniýeti, ylmy, taryhy, edebiýaty we dili sözüň doly manysynda Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň howandarlygynda öwrenilip başlandy. Bu kitap hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa ýörite sowgat berlen golýazma esasynda çapa taýýarlandy. Germaniýanyň patyşalyk kitaphanasynda (Berlin) saklanýan bu nusga XV asyr türkmen taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň öz eli bilen ýazan golýazmasy hasaplanýar. Ol diňe bir musulman gündogarynyň taryhyny däl, eýsem dünýä taryhyny öwrenmeklikde hem iň bir ygtybarly çeşmeleriň biridir. Şu mahala çenli ylmy jemgyýetçilige elýeterli bolmadyk we dolulygyna hiç ýerde neşir edilmedik bu eserde Oguz handan başlap Rum Seljuk soltanlaryna çenli döwrüň taryhy we syýasy wakalary yzygiderli beýan edilýär. Eser osman-türkmen soltany Myrat II soltanlyk eden döwründe (1421-1451), has takygy 1423-1436-nji ýyllar aralygynda ýazylyp, munda oguz türkmenleriniň gelip çykyşy, däp-dessurlary, medeniýeti dogrusynda gyzykly we ähtibarly maglumatlar berilýär.
Dili: Türkmen
Çap edilen ýyly: AŞGABAT «MIRAS» 2004
Formaty: .pdf
Göwrümi: 2.91 mb
Baly: 200
Görülen sany: 716

Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok