Kitap barada: |
Türkmenistanyň Ömurlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmen- başynyň howandarlygynda ilkinji gezek neşir edilýän bu kitap ХIII- ХIV asyrlarda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» atly iki jiltlik kitabydyr. Kitap Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladasy bilen döredilen Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Milli golýaz- malar institutynyň hazynasynda saklanýan golýazma nusgalarynyň esasynda neşire taýýarlanyldy. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren bu eser milli mirasymyzyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň naýbaşy eserleriniň biri bolup, onda musulman dünýäsinde ady agzalyp geçilýän pygam- berler, perişdeler, belli şahsyýetler barada dürli rowaýatlaryň, kyssalaryň üsti bilen gürrüň edilýär. |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok