Kitabyň ady: |
Çaga hirurgiki stomatologiýasy |
Awtory: |
Gulgeldiýew G.A., Amanow G.A. |
Kitap barada: |
Okuw kitabynda häzirki zaman derejesinde çaga hirurgiki stoma- tologiýasy hünäriniň hemme esasy bölümleri beýan edilýär, onuň ösüşiniň esasy döwürleri, çagalara hirurgiki stomatologiýa kömegiň gatnaw we ýatymlaýyn bejergi şertlerinde guralyşynyň meseleleri jikme-jik görkezilýär. Çaga hirurgiki stomatologiýasynda çaganyň ösüşi we aýratynlyklary, ýüzüň, agyz boşlugynyň we dişleriň emele gelşine, olaryň keselleriniň kliniki geçişine, bejergisine uly üns berilýär. Çagalarda ýüz-äň-eňek töwereginde geçirilýän umumy we ýerli agyrysyzlandyrmany ulanmak boýunça esasy maglumatlar we geçirilýän operasiýalardaky aýratynlyklar görkezilýär. Diş sogurmak amaly, diş sebäpli döreýän alawlama keselleri we olaryň bejergi usullary, şeýle hem ýüz-äň-eňek töwereginiň diş sebäpli däl mahsusy alaw- lama keselleri, sülekeý mäzleriniň keselleri giňişleýin düşündirilýär. Okuw kitabynda çagalarda dişleriň, äň, eňegiň we ýüzüň ýumşak dokumalarynyň şikeslenmeleri, mundan başga-da ýokarky dodagyň, kentlewügiň dogabitdi ýaryklarynyň görnüşleri, olaryň kliniki anatomiýasy, geçirilýän hirurgiki operasiýalary birin-birin beýan edilýär. Kitap lukmanlar üçin hem gollanma bolar. |
Dili: |
Türkmen |
Çap edilen ýyly: |
Aşgabat, 2013. |
Formaty: |
.pdf |
Göwrümi: |
2.11 mb |
Baly: |
200 |
Görülen sany: |
246 |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok