KitapOka | ORTOPEDIK STOMATOLOGIÝA
Haladym
2
ýükle
Kitabyň ady: ORTOPEDIK STOMATOLOGIÝA
Awtory: T. Atdaýew, B. Allagulyýew
Kitap barada: Okuw kitaby hususy we umumy okuw bölümlerinden ybarat bolup, ol öz içine çeýneýiş agzalarynyň anatomik-fiziologik aýratynlyklaryny, näsaglara umumy we ýörite häzirki zaman usullar arkaly barlag geçirilişi, protez taýýarlamak üçin ulanylýan serişdeleriň we protezleriň taýýarlanylyşynyň tapgyrlaryny alýar. Kitapda ortopedik stomatologiýa klinikasynda näsaglary barlamak we keseliň anyklanylyşy, agyz boşlugyny protezlemäge taýýarlamak, diş protezlerini taýýarlamakda ulanylýan serişdeleriň düzümi we häsiýetleri häzirki zaman dünýä stomatologiýasynyň gazananlaryna esaslanyp täzeden beýan edildi, beýleki bölümleri täzeçe işlenildi. Äň-ýüz ortopediýasy bölümi äň-ýüz agzalarynyň döwük-ýenjikleriniň we başga-da birnäçe patologiki ýagdaýlaryň ortopedik usullar bilen bejerilişine bagyşlanan. Ortodontiýa bölüminde çagalarda, ýetginjeklerde we uly ýaşly adamlarda dişleriň, diş hatarynyň we äň-ýüz ulgamynda dörän nädogrulyklaryň döreýşine, ösüşine, bejerilişine we öňüni alyş çärelerine uly üns berilýär. Kitapda köp sanly täze reňkli suratlar ýerleşdirilendir. Kitap stomatologiýa fakultetiniň talyplaryna niýetlenilip, ortopedik stomatologiýa we ortodontiýa dersleri boýunça okuw maksatnamasyna esaslanyp ýazyldy. Kitap şu ugurda işleýän hünärmenler üçin hem uly gollanma bolar.
Dili: Türkmen
Çap edilen ýyly: 2013
Formaty: .pdf
Göwrümi: 18.51 mb
Baly: 200
Görülen sany: 170

Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok