Kitabyň ady: |
Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary |
Awtory: |
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi |
Kitap barada: |
«Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary» atly kitapda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda aýawly saklanylýan, şeýle hem ekspozisiýasynda görkezilýän, XIX asyrda we XX asyryň başlarynda öndürilen türkmen milli zergärçilik sungatyna degişli gymmatlyklar barada maglumat berilýär. Şu ylmy-populýar kitapda zergärçilik sungatynyň döreýşiniň taryhy, işlenip bejerilişi we çig maly, nagyşlar bilen bezemäniň usullary, milli şaý-sepler, at we söweş esbaplarynyň zergärçilik bezegi hakynda gürrüň berilýär, şeýle hem olara degişli gymmatlyklaryň fotosuratlary görkezilýär. Bu neşir türkmen milli zergärçilik sungatynyň gymmatlyklaryny diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem dünýäniň ylmy dolanyşygyna girizmäge niýetlenendir. Bu kitapda muzeýiň toplamasyndaky ekspozisiýada we sergilerde görkezilýän gymmatlyklar bilen bir hatarda, ilkinji gezek zergärçilik önümlerinde seýrek duş gelýän iň täsin we ajaýyp nusgalar toplanandyr. Şeýle hem kitapda arhiw fotosuratlary ýerleşdirilýär. |
Dili: |
Türkmen |
Çap edilen ýyly: |
2023 |
Formaty: |
.pdf |
Göwrümi: |
25.55 mb |
Baly: |
500 |
Görülen sany: |
619 |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok