Kitabyň ady: |
Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi |
Awtory: |
Berdimuhamedow G. |
Kitap barada: |
Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejribe almaga mümkinçilik berýär. Gahryman Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyz dan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylandygyny görkezýär. Türkmenistan eziz Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda, dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna täsir edýän wezipeleri durmuşa geçirýär. Şunda gadymy çeşmeleriň ýene öz hanasyna dolýandygynyň hakykaty ör-boýuna galýar. Kitapda bu hakykat aýdyň beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär. |
Dili: |
Türkmen |
Çap edilen ýyly: |
2020 |
Formaty: |
.pdf |
Göwrümi: |
21.23 mb |
Baly: |
1000 |
Görülen sany: |
2229 |
Teswirler
Gowy kitap