KitapOka | BÄGÜL YSLY ÝÜREK
Haladym
3
ýükle
16
Kitabyň ady: BÄGÜL YSLY ÝÜREK
Awtory: Goçmyrat Orazberdiýew
Kitap barada: Megerem, siz «ýüregiňem ysy barmy?» diýip sorajaksyňyz! Her gülüň öz ysynyň, görküniň bolşy ýaly, her ýüregiň hem öz «ysy», gözelligi bar. Men ýüregiň jümmüşinden syzylyp çykan iň näzik, ter hem päkize, söýgiň ysy siňen duýgularymy siz bilen paýlaşmak isledim. Olaryň azaşman, siziň ýüregiňize barýan ýolda öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryny dileýän! Mähriban okyjylar! Bu goşgular ýygyndysyna girýän şygyrlaryň 15 ýylyň dowamynda ýazylandygyny şu ýerde aýtmakçy. Ondan aňyrdaky şygyrlar meniň adym bilen gazet-žurnallarda çap edilenem bolsa, olary bu ýygynda goşmakdan saklanýaryn. Sebäbi olaryň ady şygyr bolsa-da, özi şygyr däl-de, ýönekeý söz toplumlary, setir birikmeleridi. Şeýle-de bolsa, irkiräk wagtda ýazylandygyna garamazdan, goşgularyň käbirini ýyl senesi bilen ýygynda goşmagy makul bildim. «Baryny beren uýalmaz!» diýleni. Bu goşgular ýygyndysy — meniň bar baýlygym, uly hazynam! Onda ähli umytlarym, arzuwlarym, höwesim hem arassa söýgim... ýerleşýär. Indi olaryň ählisi-de siziňki, eziz okyjylar! Bu goşgular ýygyndysynda gabat geljek käbir grammatik ýalňyşlyklar üçin Sizden ötünç soraýaryn.
Dili: Türkmen
Çap edilen ýyly: 2021
Formaty: .pdf
Göwrümi: 1.62 mb
Baly:
Görülen sany: 301

Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok