Kitabyň ady: |
KARTOGRAFIÝADAN PRAKTIKUM |
Awtory: |
MYRAT ALLAKOW |
Kitap barada: |
Kitapda kartalar bilen işlemek (topografiki kartalarynyň ramkasy, onda berilýän elementler, kartalaryň deformasiýasyny kesgitlemek, berlen nokatlaryň geografiki we gönüburçly koordinatlaryny kesgitlemek, berlen çyzyklaryň uzynlyklarynyň ölçemek, kartada berlen sudurlaryň meýdanlaryny paletkalar, grafiki, planimetrleme usullary bilen kesgitlemek, berlen çyzyklaryň oriýentirleniş burçlaryny kesgitlemek, kartada berlen çyzygyň profilini gurmak, geografiki kartalara geografiki ýazgy bermek we okamak, kartalaryň proýeksiýasyny kesgitlemek, kartada berlen nokatlarda ýoýulmalary kesgitlemek, ellips ýoýulmasyny gurmak we ş.m.) boýunça dürli meseleleri çözmek arkaly teoretiki we praktiki düşündirişler berilýär. Okuw gollanmasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň kartografiýa, geografiýa, ekologiýa we meteorologiýa hünärleriň talyplary, şeýle-de kartometriýa işleri bilen meşgullanýan inžener-tehnikler üçin niýetlenilýär. |
Dili: |
Türkmen |
Çap edilen ýyly: |
2010 |
Formaty: |
.pdf |
Göwrümi: |
2.96 mb |
Baly: |
400 |
Görülen sany: |
225 |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok