Kitap barada: |
Kitap 467 sahypa XIX asyryň ikinji ýarymynda ýüzüni Ýewropa öwren türk edebiýaty şondan soň, örän uly özgerişligi başdan geçirdi. Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okap ýetişen türk ýazyjy- şahyrlary öz halkynyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, türk medeniýetiniň ruhy gymmatlyklaryny, gelejegi nazarlaýan arzuw-islegini bütinleý täzeçe, täze eýýamyň talabyna görä beýan etmäge çalyşdylar. XX asyryň başlarynda alty ýüz ýyllap dowam eden Osmanly soltanlygysynyp, Türkiýe Respublikasy (1923ý.) yglan edildi. Bu ägirt özgerişlik türk edebiýatyna-da uly täsir etdi. Türk ýazyjy-şahyrlary döwür bilen aýakdaş gopmagy başardylar, türk edebiýaty dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýan edebiýata öwrüldi. Ömer Seýfetdin, Ahmet Hamdy Tanpynar, Eziz Nesin, Kemal Tahyr... ýaly görnükli türk ýazyjylary, Mehmet Akif Ersoý, Nazym Hikmet, Nejip Fazyl Kysakürek, Arif Nihat Asýa... ýaly şahyrlar ýetişdi. 2006-njy ýylda türk ýazyjysy Orhan Pamuk edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Häzirki döwürde ýyldyzy parlaýan türk ýazyjylarynyň biri-de, Elif Şafakdyr. Bu ýazyjynyň 2009-njy ýylda neşir etdiren «Yşk» romany iň gysga wagtda iň köp satylan kitap hökmünde türk edebiýatynyň taryhyna girdi. «Yşk» romany Amerikanyň Boston şäherinde ýaşaýan Ella Rubinşteýniň durmuşyndan söz açyp başlaýan hem bolsa, ol Gündogaryň beýik akyldary Jelaletdin Rumy hem onuň jan ýoldaşy, halypasy Töwrizli Şems baradadyr. Özünden soňa ägirt uly edebi miras goýan, eserleri Ystambuldan Deli aralykda iri ylym-bilim ojaklarynda öwrenilen Jelaletdin Rumy bilen Töwrizli Şemsiň dostlugyny soňky asyrlarda ýaşap geçen alymlar «iki ummanyň duşuşygyna» meňzedipdirler. Elif Şafagyň iňlis hem türk dilli okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan «Yşk» romany türkmen çeper edebiýat muşdaklarynyň hem göwnünden turar diýip umyt edýäris. Türk dilinden terjime eden: Meretmämmet HANMÄMMEDOW. |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok