Kitabyň ady: |
Ýaglaryň düzümini seljermek |
Awtory: |
G.Sähedowa. |
Kitap barada: |
Okuw kitabynda esasy umumy ýaglaryň düzümini seljermek dersi beýan edilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, biziň Garaşsyz watanymyzda ozal öndürilmedik önümleriň görnüşlerini özleşdirmek, şol sanda ýerli çig mal serişdelerden öndürilýän ýaglaryň arassa, ýokary hilli bolmagy üçin olaryň düzümini seljemek , ösümlik ýagyna tehno-himiki gözegçilik etmek, ösümlik ýagyny himiki seljermek we olara bildirilýän tehniki talaplar. Ýurdumyzda birnäçe ýag zawodlarynyň açylmagy we şol ugurda işlejek ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen şu synag okuw kitaby ýazyldy. Kitapda ýag öndürmekligiň taryhy, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan netijesi esasynda ýaglaryň düzümini seljermek dersiniň aýratyn özboluşyklary beýan edilýär. Ýaglaryň düzümini seljermek okuw kitaby 126 sahypadan ybarat bolup 9 sany bölümi öz içine alýar. Taýýarlanan okuw kitaby S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ösümlik ýaglaryny öndürýän ugrundan okaýan talyplary, aspirantlary, gyzyklanýan professor-mugallymlary, işleýän hünärmenleri, ylmy işgärleri üçin niýetlenýär. |
Dili: |
Türkmen |
Çap edilen ýyly: |
2010 |
Formaty: |
.pdf |
Göwrümi: |
0.46 mb |
Baly: |
200 |
Görülen sany: |
635 |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok