KitapOka | Fizika boýunça meseleler ýygyndysy
Haladym
55
ýükle
4
Kitabyň ady: Fizika boýunça meseleler ýygyndysy
Awtory: Gurbangylyç Kelow., Aýbölek Annaýewa
Kitap barada: Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanda, Berkarar we Bagtyýar döwletimizde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň argynsyz aladalary bilen ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilim ulgamynda ýokary depgindäki ösüşleriň şaýady bolýarys. Ýaşlaryň dürli pudaklarda, dünýä ülňülerinde bilim almaklary, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi üçin iň oňaýly şertler döredilýär. Talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin ýokary okuw mekdepleri iň öňdebaryjy okuw enjamlary, tejribehanalar, kompýuter tehnikasy, okuw edebiýatlary bilen üpjün edilýär. Önümçiligiň dürli pudaklarynda, şol sanda energetika pudagynda hem, zähmet çekýän inžener – tehniki işgärler, baraha çylşyrymly enjamlar bilen iş salyşýanlygy sebäpli, dürli häsiýetli tehniki meseleleri yzygider çözmeli bolýarlar. Şol meselelerde öndürijiligi ýokarlandyrmak, tehnologiki prosesleri kämilleşdirmek, iş enjamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we zähmeti ýeňilleşdirmek we ş.m. köp – köp maksatlara niýetlenen inženerçilik hasaplamalary geçirmek, täze tehnologiki toplumlary, awtomatika serişdelerini işläp düzmek, has öndürijilikli we amatly iş gurallary konstrurirlemek talap edilýär. Bu meseleleriň hemmesi, ahyrynda, bir soraga – nähili usul bilen tebigatyň kanunlaryny has peýdaly, has bähbitli ulanmaly diýen soraga syrygýar. Tebigatyň kanunlaryny öwrenýän ylymlaryň biri-de fizika ylmydyr. Umumy fizika dersi hem tebigatyň iň umumy, ykrar edilen kanunalaýyklaryny öwredýär we inženerleri taýýarlamakda, olarda tebigat kanunlaryna daýanyp pikirlenme endikleri terbiýelemekde uly ähmiýeti bar. Getirilýän meseleleri çözmek üçin fiziki kanunlaryň manysyna düşünip, olary matematiki dilde aňlatmagy başarmak talap edilýär. Ýagny orta mekdebiň derejesinde algebrany, geometriýany, trigonometriýany, wektorlaryň algebrasyny ulanmany we integral we differensial operasiýalary başarmk zerur. Fiziki meseleleri çözmek üçin, onuň ähli şertlerini kanagatlandyrýan kartinany (ahwalaty) göz öňüne getirmegi endik edinmeli we mümkin boldugyça takyk çyzgysyny, shemasyny, wektorlaryň ugurlaryny, güýçleriň goýulan nokatlaryny çyzmak örän wajyp hem-de oňyn çözülmegine kömek berýär. Meseleleriň berlen ululyklaryny ilki başdan bir ölçeg sistema getirmeli. Umuman, her bir meseläni haýsy formula bilen çözmeli diýilýän soragy ýerliksiz hasap edýäris. Çözgüdiň formulasyny diňe fiziki kanunlaryň, ykrar edilen düzgünleriň esasynda getirip çykarmaga endik etmek zerur. Hasaplamalary gutarnykly formula alnandan soň geçirmek maslahat berilýär. Emma has çylşyrymly meselelerde bölekleýin hasaplamalary ulanmak hem amatly bolup biler. mesele çözülende düzülýän ýa-da getirilip çykarylýan deňlemelerde ölçeg birlikleriň deňligine üns berip öz-özüňi barlamak maslahat berilýär. Deňlik alamatyň iki tarapynda fiziki ululyklaryň deň däl bolmagy, bir ýerde ýalňyşlyk goýberilendigini aňladýar we seljermäni gaýtalamagy talap edýär. Bu meseleler ýygyndysy umumy fizikanyň esasy bölümlerini öz içine alýar we çylşyrymlylygy boýunça dürli derejedäki meselelerden ybarat bolup, onda her bölüme degişli gollanma maglumatlar, käbir nusgalyk meseleleriň işleniş usullary beýan edilýär. Ol inžener – tehniki hünärler boýunça okaýan ýokary okuw mekdepleriň 3 talyplary üçin niýetlenen hem bolsa, fizikadan bilimini çuňlaşdyrmak isleýän beýleki ýaşlar üçin-de peýdaly bolup biler. Meselelerde, esasan, ölçeg birlikleriň halkara sistemasy ulanylýar. Fiziki ululyklaryň ölçeg birlikleri dürli sistemalarda we özara baglanşyklarda getirilýär. Meselelerde ulanylýan esasy hemişelikler we meseleleriň jogaplary berilýär. Okuw gollanmasy baradaky bellikleri Türkmenistanyň döwlet Energetika institutyna iberenlere minnetdar bolarys.
Dili: Türkmen
Çap edilen ýyly: 2019
Formaty: .pdf
Göwrümi: 2.87 mb
Baly: 200
Görülen sany: 2570

Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok