Kitabyň ady: |
Diplomatik we konsullyk hukugy |
Awtory: |
B.Karaýew, G.Ataýewa, B.Mätliýew |
Kitap barada: |
«Diplomatik we konsullyk hukugy» okuw kitabynda halkara syýasatynyň we döwletara gatnaşyklarynyň esasy resmi görnüşi bolan diplomatiki we konsullyk gatnaşyklarynyň halkara hukugy we milli kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylyşy açylyp görkezilýär. Döwletleriň ikitaraplaýyn derejesinde we olaryň halkara guramalary bilen diplomatiki we konsullyk gatnaşyklarynyň ýola goýluşy, alnyp barylyşy we bes edilişi, daşary¬syýasy edaralaryň, diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralaryň, diplomatik we konsullyk wezipeli şahslaryň işleriniň hukuk esaslary, diplomatiki artykmaçlyklar we aýratyn hukuklar, ýagny immuni- tetler baradaky meseleler bu okuw kitabynda öz beýanyny tapýar. Okuw kitabynda diplomatik we konsullyk hukugynyň çäklerindäki düşünjeleriň many¬mazmunyny açyp görkezmeklige we olaryň iş ýüzünde amala aşyrylyşyna aýratyn orun berilýär. Okuw kitaby «Diplomatik we konsullyk hukugy» dersini öwrenýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem mugallymlar we aspirantlar üçin niýetlenilýär. |
Dili: |
Türkmen |
Çap edilen ýyly: |
Aşgabat 2015 |
Formaty: |
.pdf |
Göwrümi: |
1.28 mb |
Baly: |
200 |
Görülen sany: |
1031 |
Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok