KitapOka | ANDALYBYŇ DÖREDIJILIGINDE EDEBI DÄPLER WE ŞAHYRANA GÖZLEGLER
Haladym
0
ýükle
1
Kitabyň ady: ANDALYBYŇ DÖREDIJILIGINDE EDEBI DÄPLER WE ŞAHYRANA GÖZLEGLER
Awtory: Akmyrat TÄJIMOW
Kitap barada: T 48 Akmyrat Täjimow. Andalybyň döredijiliginde edebi däpler we şahyrana gözlegler. –. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2011. XVII-XVIII asyrlaryň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybyň gazallary, tahmyslary, müsemmetleri hem müstezatlary ýokary derejedäki kämilligi hem çeperçiligi bilen meşhurdyr. Şahyryň döreden «Oguznama», «Nesimi», «Kyssaýy-Pyrgun» we «Sagdy-Wakgas» poemalary halkyň söýüp okaýan eserleridir. Andalybyň «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Zeýnelarap», «Baba Röwşen» atly dessanlaryny bagşylar ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Onuň «Mürze Hemdem» dessany, türkmen kyssaçylyk däbinde ýazylan «Melike-Mährinigär» eseri milli edebiýatymyzyň ösüşine uly goşant boldy. Monografiýada Nurmuhammet Andalybyň edebi mirasy bitewi derňelip, Gündogar edebiýatynyň edebi däpleriniň şahyryň döredijiligine eden täsiri yzarlanýar we ylmy taýdan bahalandyrylýar. Andalybyň şahyrana dünýägaraýşy, çeper döredijilik usuly, edebi žanrlardaky ussatlygy hem täzeçillik gözlegleri kesgitlenýär. Şahyryň döredijiliginiň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarmaklyga şowly synanyşyk edilýär. Andalybyň poemaçylyk hem dessançylyk däbine ylmy seljerme berilýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.
Dili: Türkmen
Çap edilen ýyly: Aşgabat 2011
Formaty: .pdf
Göwrümi: 1.46 mb
Baly: 200
Görülen sany: 1349

Häzirlikçe bu kitaba degişli teswir ýok